Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde giň dünýäde belent ykrar tapýar.
Parahatçylyk, ynanyşmak arkaly geljege nurana ertiri bagyşlap bolýar. Şunda parahatçylyk döredijilikli tagallalary ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak örän netijelidir. Muny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Ýer ýüzüne subut etdi. Şoňa görä-de, bu ýörelgeler hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny emele getirmek bilen, ata Watanymyzyň halkara üstünlikleriniň, beýik ösüş-özgerişlerimiziň çeşmesidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy örän buýsançlydyr. Täze neşirde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr» diýlip bellenilýär.
Buýsanç bilen bellesek, 2025-nji ýylda wajyp ähmiýetli halkara çäreleriň ençemesi geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara forum döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Halkara jemgyýetçilikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny dabaralandyryp, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.