Pederlerimiziň milli paýhasyna esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň döredijilik häsiýeti hem-de onuň binýadynda goýlan ýörelgeler döwletimiziň köptaraply diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy diňe bir halkara gatnaşyklaryň esasyny düzmän, eýsem, ýurdumyzyň içeri syýasatyny, jemgyýetçilik ösüşini we adamlaryň saglygyny goramak babatdaky strategik ugurlary hem kesgitleýär. Şunda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan döwlet syýasatymyz saglygy goraýyş ulgamynyň hem mizemez binýadyna öwrüldi.
Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dünýäde Bitaraplyk ýörelgesini üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de raýatlarynyň saglygyny goramakda ýokary netijeleri gazanýan ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Elbetde, parahat we abadan jemgyýetçilik gurşawy saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara bilermenler milli parahatçylyk ýörelgelerimiziň jemgyýetçilik saglygyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde oňyn täsiriniň bardygyny nygtaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürdi. Bu asylly başlangyç hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolup, ählumumy geljegiň hatyrasyna lukmançylyk diplomatiýasynyň bütin dünýä ýüzünde dabaralanmasyna öwrüldi.
Türkmenistan döwletimiz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde nusgalyk işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bolsa Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklap, bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir.
Mähri DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.