Dark
Light
25.01.2026
bitaraplyk taze sur 25 1 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – sazlaşykly ýaşaýyş

06.12.2025

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, şunda türkmen Bitaraplygyna parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, dürli ugurlarda ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bitarap döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny işjeň ulanyp, bütin dünýäde dost-doganlygy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar.

Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip belleýär. Şu jähetden, dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak, birek-birege ynanyşmak ýaly häsiýetler halkymyzyň milli ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol hökmünde ykrar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa halkara ähmiýetli esasy çäreleriň biri bolar. Häzirki wagtda halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Milli Liderimiziň: «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr» diýip belleýşi ýaly, adamzadyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýerinde parahatlyk, asudalyk bolýar. Bu gymmatlyklar bolsa birek-birege ýürekdeşlik, ynanyşmak duýgusyndan döreýär. Goý, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulşat ÝAZGYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenanlar forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenanlar – jemgyýetiň işjeň bölegi

1peteac8jvf6aglev4t17649171411705 l THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özbegistan bilen Germaniýa ilkinji bilelikdäki söwda öýüni açdy.

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop