Dark
Light
25.01.2026
bitara kita THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk söýüjiligiň beýany

23.12.2025

Hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işjeň tagallalary giňden wagyz etmekde, ýaş nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Täze kitap «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda», «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi», «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy», «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi», «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty», «ХХI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar» atly bölümlerden ybaratdyr. Degişli bölümlerde hemişelik Bitaraplygymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada parasatly pikirler öňe sürülýär.

Biz hem «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdyň geljege gönükdirilen belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

5 1766406129 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

bmg diploma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop