Dark
Light
24.01.2026
parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

02.12.2025

Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty alyp baryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Şunda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi milli parahatçylyk ýörelgelerimiziň dabaralanmasydyr.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Milli diplomatiýamyzda parahatçylykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatyň esasy ýörelgelerini umumadamzat üçin strategik binýada öwürmekde taryhy işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen halkara ýörelgelere mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary umumadamzat üçin ýokary ähmiýete eýedir.

Agzybir halkymyzyň parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde hem öz çeper beýanyny tapýar. Şunda Milli Liderimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýaly goşgulary halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammet KEPBÄÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

golyazma THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Eder-eder özüne eder

bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gujurly ýaşlaryň elinden dörän gözellik

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop