Dark
Light
10.01.2026
bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak – döwrüň hakykaty

10.12.2025

Parahatçylyk ― ähli döwürleriň iň gymmatlygy baýlygy. Häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy gorap saklamak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Parahatçylykly gatnaşyklaryň özende bolsa özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bar. Şoňa görä-de, Milli Liderimiz: «Ynamdyr  dünýäň  diregi!» diýýär. Ymgyr manyly bu jümle halkara jemgyýetçiliginde ynamyň uly güýçdügini görkezýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan döwletimiz yzygiderli ýagdaýda dünýä ýurtlarydyr halkara guramalar bilen ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär.

Üçünji müňýyllykda Türkmenistan döwletimiz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi derejesinde üç gezek ykrar edilmegi bolsa Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bitaraplyk biziň ösüşiň täze belentliklerine barýan röwşen ýolumyzda ruhlandyryjy güýç, syýasy gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde beýan eden Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hemişelik Bitaraplygymyzy mundan beýläk-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirmäge, ösüş arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de özara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge oňyn täsir eder. Milli senenamamyzda görnükli orun alan taryhy günde — 12-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek iri halkara forum bolsa şu ýylymyzyň esasy wakalarynyň biri bolar.

Şeýlelikde, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz parahatçylygy, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty amala aşyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr asylly başlangyçlary gymmatly tejribedir, nusgalyk ýol-ýörelgedir. Şunuň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da belende galýar, dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen dostana gatnaşyklary işjeň häsiýete eýe bolýar.

Maksad SAPARBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenanlar f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hasyl toýy — zähmetiň beýany, bereketiň şanly dabarasy

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop