Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýän ägirt uly waka – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralaryna bagyşlanan Halkara forum öz işine başlady.
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan yzly-yzyna üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň çuňňur manysyny we dünýä ähmiýetini wasp edýän bu foruma dünýä döwletleriniň, iri halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagy Bitarap Watanymyza bildirilýän çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy diregi bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgesi, diňe bir dünýä proseslerinden çetde durmak bilen çäklenmän eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly beýik gymmatlyklara daýanýan, geljege gönükdirilen işjeň strategiýadyr. Bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylyk dörediji, durnuklylyk saklaýjy döwlet hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrdy.
Türkmen döwletiniň daşary syýasaty BMG-niň Tertipnamasynyň ruhuna laýyklykda, sebitde we onuň çäklerinden daşarda durnuklylygy, howpsuzlygy we özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almakda diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň ussatlyk bilen ulanylmagyny göz öňünde tutup, halkara hukugynyň kadalaryna berk ygrarlylygy görkezýär.
Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy durnuklylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň wajyp şertleriniň biri hökmünde hyzmat edýär. Ýurdumyz halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine ylalaşykly çözgüt tapmak üçin netijeli gepleşikleriň – dialogyň – tarapdary bolup çykyş edýär we bu ugrunda yzygiderli tagalla edýär.
Foruma başlamazdan ozal, ir bilen Halkara wekiliýetleriň ýokary derejeli baştutanlary paýtagtymyzyň gözel binagärlik sungatynyň nusgasy bolan Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýmak dabarasynda jemlendiler.
Her bir gül dessesi Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň we ygrarlylygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Bu forum Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini kemala getirmekde ähmiýetli goşandynyň bardygyny ýene bir gezek bütin dünýä äşgär etdi.