Dark
Light
07.01.2026
002 THE ASHGABAT TIMES

Plenar mejlis Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dowam etdi

14.12.2025

Gysga arakesmeden soňra, parahatçylyk medeniýetini ösdürmegiň hem-de ilerletmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forumyň işi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri taryhy çykyş edip, forumyň ýokary ähmiýetini nygtady. Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahban, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary Sýuý Haolýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suý, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik çykyş etdiler.

Forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

energetika THE ASHGABAT TIMES
Next Story

14-nji dekabr – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop