Dark
Light
09.01.2026
yunesko dim THE ASHGABAT TIMES

Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşdy

14.12.2025

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Sin Suý Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy bilen gutlap, parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş ýaly umumy maksatlara ýetmäge uly goşant goşan bu ýokary derejeli forumyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna «Türkmeniň alabaý itini ösdürip ýetişdirmek sungaty» milli hödürnamanyň girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça pikir alyşdylar we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şeýle hem maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak boýunça özara ylalaşyklar gazanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

energetika THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

14-nji dekabr – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

alabay f THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO girizildi

Soňkylar Habar

GitTop