rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

07.12.2025

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn- da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär.

Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr. Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir.

Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýlede bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär. Rus dilinde takmynan 350000 sözüň bardygyny we iň uly rus sözlüginde takmynan 200000 sözüň bardygy mälimdir. Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir. Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir.

«W3Techs» kompaniýasy tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijesine görä, 2013-nji ýylyň mart aýynda internetde ulanylyşy boýunça rus dili ikinji orna çykdy. Häzir bolsa internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr. Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär.

Padma HUDAÝBERDIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
medalbas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

hgibasss THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Soňkylar Makalalar

«Horezm» sözüniň manysy

06.12.2025
Türkmen halkynyň her bir daban ýeri taryhyň möhüm wakalaryndan, bahasyna ýetip bolmajak pursatlaryndan habar berýär. Gojaman türkmen topragynyň her ýerinde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy

Parahatçylyk – sazlaşykly ýaşaýyş

06.12.2025
Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, şunda türkmen Bitaraplygyna parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, dürli ugurlarda ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde

Zenanlar – jemgyýetiň işjeň bölegi

06.12.2025
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

05.12.2025
Haýsy ýurtda baýramlar baýramlara, toýlar toýlara ulaşýan bolsa, şol döwletde bagtyýarlygyň höküm sürýändiginden, halkyň agzybirliginden, jemgyýetiň abadanlygyndan, şol ýurtda ägirt uly ösüşleredir üstünliklere eýe

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli
GitTop