sanly kitap THE ASHGABAT TIMES

Rus edebiýatynda iň meşhur sanly kitaplar haýsylar?

03.12.2025

Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» atly romany nusgawy edebiýatyň iň meşhur sanly kitaplarynyň sanawynda birinji orny eýelemegi başardy. Bu barada «Litres» kitap hyzmaty merkeziniň metbugat gullugy habar berýär. Sanly wersiýada kitabyň 74 müň gezek göçürilendigi bellenilýär. Ikinji orny bolsa Fýodor Dostoýewskiniň «Jenaýat we jeza» atly roman eýeleýär.

«Litres» kitap hyzmaty merkeziniň hünärmenleri belli bir wagt aralykda mugt göçürip almagyň we kitap satuwynyň umumy sanyny seljerdiler. Seljeriş üçin rus we sowet nusgawy ýazyjylarynyň eserleri toplandy. Her bir eseriň elektron we ses formatlaryndaky ähli wersiýalary hasaba alyndy.

Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» atly epopeýa romany bäsleşigiň lideri diýlip atlandyryldy. Çünki roman 74 müň gezek göçürilip alnypdyr. Şeýle-de, iň meşhur 10 nusgawy kitaplaryň sanawynda Bulgakowyň «Morfiý» atly hekaýalar ýygyndysy, Dostoýewskiniň «Tentek» hem-de «Doganlar Karamazowlar» atly romanlary, Zamýatiniň «Biz» atly romany, I. Ilf we E. Petrowyň «Bir gatly Amerika. Hekaýalar» atly eseri, Puşkiniň «Kapitanyň gyzy» romany we Gogolyň «Öli janlar» atly romany öz ornuny almagy başardy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:39 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
mugallym hind THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hindistanly hünärmen türkmen pedagoglary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

ps1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Suratda ilkinji gören haýwan şekiliňiz (psihologik test)

GitTop