Dark
Light
28.01.2026
saglyk derman THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş – bagtly ýaşaýyş

17.12.2025

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiz öz aýdyň beýanyny tapýar.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz paýhasly pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän özboluşly milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durmak bilen, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary Milli Liderimiziň ata Watanymyza, ene topragymyza, mähriban halkymyza bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, şypahanalarda, hassahanalarda, saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar diňe bir ylmyň iň soňky gazananlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär derejeleriniň döwrüň talabyna, ylmyň ösüşine laýyk ýokarlanýandygyny, bejerişiň täze, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Arzuw MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alabay 333 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen alabaýy – halkymyzyň milli buýsanjy

nar diplomatia THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halklar – bir jebis maşgala

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop