Dark
Light
08.01.2026
ddd THE ASHGABAT TIMES

Sport bilen ýeňişli ýollara!

16.12.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýene bir taryhy waka beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen sportunyň halkara abraýyny belende galdyran, halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleri bilen Watanyň şanyna şan goşan ýaşlary sarpalap, olaryň berekellasyny, sylag-serpaýyny ýetirdi. Has dogrusy, düýn hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen şanly ýylda halkara derejede üstünlik gazanan türkmen ýaşlarynyň uly topary Şa serpaýlarynyň eýesi boldy. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň sport ulgamynda-da halkara derejeli ösüşler gazanylýar. Bu ugurda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Diýarymyzda sport hereketini ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredildi. Ähli welaýatlarda zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport-sagaldyş, atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri we beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglere laýyk gelýän sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini muňa anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, şäheriň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň döredilmegi Watanymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Umuman, sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, türkmen türgenleriniň halkara derejeli ýaryşlardaky ýeňişleri ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

santoma THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

sonder digimag 27122023 ausbildung b1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Germaniýada hünär öwrenmek we işlemek mümkinçilikleri barada

Soňkylar Makalalar

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän
GitTop