Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşigine gatnaşmaga mümkinçilik alan «Arkadag» abraýly ýaryşyň çärýek finalyna çykmaga örän ýakyn geldi.
«B» toparçada çykyş edýän «Arkadag» topary soňky tapgyryň duşuşygyny şu gün — 24-nji dekabrda Arkadag şäheriniň adybir stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary bilen geçirer. Bu wajyp duşuşykda adyny çärýek finala ýazdyrmak üçin toparyň hökmany suratda ýeňiş gazanmagy gerek.
«THE ASHGABAT TIMES».