Dark
Light
24.01.2026
suw hakda THE ASHGABAT TIMES

Suw – ekologik durnuklylygyň esasy ugry

13.12.2025

Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy, parasatlylygy we edermenligi bilen özüni tanadan pederlerimiz yssy howa şertlerinde suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, topragyň gan damarlary ýaly bolup görünýän köp sanly suw ulgamlaryny gurupdyrlar, şerbet suwuň her damjasyny isrip etmän peýdalanmagy başarypdyrlar.

Şol döwürden tä şu wagta çenli, suw gorlary halkara durnuklylygynyň we kadaly ösüşiň esasy düzüm bölekleriniň biri hem hasaplanýar, bu klimatyň giň gerimde üýtgeýän we ilat sanynyň ýokarlanýan şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Suw gorlarynyň möçberiniň egsilmegi, agyz suwunyň we oba hojalyk hajatlary üçin suwlaryň hapalanmagy we azalmagy ýaly ekologiki çagyryşlaryň çäklerinde suw diplomatiýasy bu meseleleri çözmegiň guraly hökmünde giň gerimli häsiýete eýe bolýar.

Suw gorlaryny paýlamak we gorap saklamak meselesi Merkezi Aziýa üçin aýratyn derwaýyslyga eýe bolup, bu ýerde Amyderýa we Syrderýa ýaly sebitleriň içinden üstaşyr geçýän derýalar ýerleşýär. Geografiki ýerleşişinden we tebigy şertlerinden ugur alyp, Türkmenistan suw gorlaryny netijeli peýdalanmaklyga we ekologiki durnuklylygy üpjün etmeklige gönükdirilen suw syýasatyny işläp taýýarlamaga we durmuşa ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýar. Bu şertleriň çäklerinde ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) düzümine girýär, onuň maksady Aral deňziniň ekologiki çökgünliginiň netijelerini gowşatmak we sebitiň suw howpsuzlygyny gowulandyrmak hasaplanýar.

Türkmenistan suw serişdelerinden, serhetüsti suwlardan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär. Biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri gorap saklamak we peýdalanmak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli çäre boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny hem-de ekologik abadançylygy parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi. Suw hojalyk meseleleriniň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, toplumlaýyn esasda çözülmegi döwlet Baştutanymyzyň suw strategiýasynyň esasy ugrudyr.

Serdar AKMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jkyix7xicbangjmyunuppsv7hh8rdw 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi

konsert bbi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda baýramçylyk konserti  guraldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop