Dark
Light
24.01.2026
taze yyl ayaz THE ASHGABAT TIMES

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025

Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.

Arça bezegleri üçin dürli reňkli öwüşgin saçýan çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapylypdyr.

1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Rus patyşasy Piter I täze ýyly bellemek barada karar çykarypdyr. Maglumatlara görä, öň ybadathana täze ýyly 1-nji martda, adaty adamlar bolsa 1-nji sentýabrda belläpdirler.

Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenilipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.

Fransiýada 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabr hasaplanylypdyr. Bu sene soňra 1-nji marta geçirilipdir. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.

Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagan güni belleýär.

Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä, howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär. Kubada täze ýyl «Patyşa güni» diýip atlandyrylýar.

Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä, dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe şowlulyk getirýär eken.

Italiýada Täze ýyl baýramçylygynda köne eşiklerdir mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.

Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa täze adyny erbet ruhlaryň eşitmezligi üçin bar güýji bilen deprek çalýarlar.

Ýer ýüzüniň käbir ýurtlarynda adamlar täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazypdyrlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Kagyz jaň kakylyp gutarýança ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.

Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjülik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjülik tortunyň sany bilen baglanyşykly.

Awstriýada käkilige bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.

Germaniýada Aýazbaba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň gapdalyna ýa-da arçajygyň aşagynda goýup gidýär.

Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş ýok. Şonuň üçin olar Aýazbabany “Kambodjada” diýip atlandyrýarlar bu bolsa «gyzgyn baba» diýen manyny beripdir.

Gadymy döwürde Aýazbaba hiç kime sowgat bermändir. Tersine, adamlar Aýazbaba sowgat beripdirler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

birja THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy

2025 12 29t12 46 51 8cf778df 33e2 49ea 98bd 33122c5013c3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy «Bitaraplyk kubogynyň» iň gowy oýunçylaryny we ýeňijilerini yglan etdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop