Dark
Light
24.01.2026
taze kitap surat THE ASHGABAT TIMES

Täze eser – parahatçylyk we ynanyşmak taglymy

09.12.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu baýramyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çap edilmegi halkymyza ajaýyp sowgatdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi.

Bu eser türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetini giňişleýin düşündirýän gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy garaýyşlarynyň örän çuňdugyny, öňdengörüjiligini görkezýän täze kitapda häzirki çylşyrymly ählumumy şertlerde adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri oňyn çözmekde, dünýäde ynanyşmagy we dost-doganlygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň netijeli gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Täze eserde: «Parahatçylyk türkmen halkynyň diňe bir saýlap alan ýörelgesi däl, eýsem, müňýyllyklardan bäri kemala gelen ýaşaýyş pelsepesidir» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, eserde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösdürilen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň toplan halkara abraýy bu ugruň örän dürs we oýlanyşykly saýlanyp alnan ýoldugyny aýdyň görkezýär. Bitaraplyk syýasatymyzyň ylmy-edebi jähetlerini giňden beýan edýän täze kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, bu ajaýyp baýramçylyk sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sowda bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda baýramçylyk söwdasyna badalga berildi

gettyimages 2249496239 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Warner Bros. Discovery boýunça milliardlyk söweş Trumplaryň ünsüni özüne çekdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop