Dark
Light
24.01.2026
ulag energet THE ASHGABAT TIMES

Täze Kararnamalar – umumadamzat bähbidine

30.12.2025

2025-nji ýylda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk binýadyny ep-esli berkitdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýylyň esasy netijesi boldy. Dünýäniň onlarça döwletiniň bu resminamalara awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny tutýar hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 – 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnama geljek onýyllyk üçin ulag geçelgelerini ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän giň gerimli başlangyçdyr.

Bu Kararnamalar diňe bir jarnama bolman, eýsem, iş ýüzündäki guraldyr, sebäbi resminamalarda eýýäm anyk gadamlar bellenilendir. Olaryň hatarynda energetika we logistika ulgamlaryndaky häzirki ýagdaýa seljerme bermek, Türkmenistanyň teklibi boýunça döredilen BMG-niň ýörite toparlarynyň işi, şeýle hem milli, sebit we ählumumy derejeleri birleşdirýän düzümi döretmek ýaly wezipeler bar.

Kabul edilen resminamalar halkara energetika we ulag özara baglanyşygynyň täze binýadyny kemala getirmek üçin ygtybarly hukuk esasy boldy. Türkmenistan durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibi boýunça çözgütleri işläp taýýarlaýan işjeň merkezi hökmündäki ornyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

normal THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze ýyl: Jadyly pursatlaryň we täze umytlaryň baýramy

jay1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop