Dark
Light
24.01.2026
bitarap kitap taze THE ASHGABAT TIMES

Täze kitap – baýramçylyk sowgady

28.12.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp toý serpaýy boldy. Kitap islendik ynsan üçin iň gowy sowgatdyr. Baýramçylyk günlerinde sowgat berlen kitabyň gymmaty bahasyzdyr.

Täze kitap jemi 9 bölümi özünde jemläp, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetini giňişleýin düşündirýän gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy garaýyşlarynyň örän çuňdugyny, öňdengörüjiligini görkezýän täze kitapda häzirki çylşyrymly ählumumy şertlerde adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri oňyn çözmekde, dünýäde ynanyşmagy we dost-doganlygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň netijeli gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň öz halkyna watansöýüjilige ýugrulan şeýle ajaýyp eserini peşgeş bermeginiň özi uly bagt bolup, onuň özboluşly manysy bar. Munuň özi Täze ýylyň döredijiligiň, ylham-joşgunyň ýyly boljakdygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda: «Türkmen halky üçin Bitaraplyk biziň taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhumyzyň we milli häsiýetimiziň tebigy dowamydyr» diýip bellemek bilen, parahatçylyksöýüjilikli bu hukuk derejämiziň müňýyllyklaryň taryhynyň miwesidigini, türkmen halkynyň ruhy-ahlak tebigatynyň häzirkizaman döwlet syýasaty görnüşinde ýüze çykmasydygyny nygtaýar.

Goý, döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! Halkymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň — hemişelik, oňyn Bitaraplyk ýolunyň dowamaty dowam bolsun!

Bäşim GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şöhratly taryhymyzyň şuglaly sahypalary

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew batly ösüşleriň mekany

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop