Dark
Light
27.12.2025
mal toplum THE ASHGABAT TIMES

Täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

02.12.2025

Düýn, 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Ýeri gelende nygtasak, toplumyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Toplumyň mallaryny ot-iým bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 164 gektar meýdana däneli ekinler, 47 gektar meýdana bolsa ýorunja ekildi. 74 gektar ýere ekilen mekgejöwen orlup, silos ammaryna ýerleşdirildi we onuň ýerine däneli ekinler ekildi. Toplumda mallar üçin ýokumly ot-iýmleriň taýýarlanylmagy önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy, önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin möhüm şerti üpjün edýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gujurly ýaşlaryň elinden dörän gözellik

ykdysatcy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ýylyň ykdysatçysy» belli boldy

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop