Dark
Light
05.02.2026
mig 6720 THE ASHGABAT TIMES

Täze ýyl bezegleri – Aşgabadyň ýaraşygy

26.12.2025

Ähli ynsanlaryň uly umytlar, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Owadan Täze ýyl lybasyny geýnen Aşgabat gijelerine durşy bilen ýalkym bolup duran şähere öwrüldi. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgininden göwni galkynyp, biri-birine iň gowy baýramçylyk gutlaglaryny aýdyp, şatlyklaryny paýlaşmaklary il agzybirliginden nyşandyr.

Dürli öwüşginli çyralary bilen asuda gijeleri ýagtyldyp, ata Watanymyzyň  gözelliklerini goşalandyrýan arçalaryň töweregi birnäçe günden bäri has köp  adamly. Aýratyn-da «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde bezelen ýurdumyzyň Baş arçasyna gelýänleriň gelim-gidimi egsilenok. Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gelýärler. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar.

Egsilmez zähmet üstünliklerine, uly rowaçlyklara, päk arzuw-niýetlere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly özüniň rysgal-bereketi bilen halkymyzy guwandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2025-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. Täze ýyl baýramynyň şu ýakymly pursatlarynda her bir ynsanyň iň bir ýakynlaryny gutlamaga, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar etmäge howlukmagy pederlerimiziň asylly däpleriniň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.

Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! Täze ýyl türkmen halkyna rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin!

Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

324243253453533 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalowa Ýubileý Medaly gowşuryldy

policy brief updated 2022 final 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazar meselesi Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky dialogda möhüm orun eýeleýär

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop