Dark
Light
24.01.2026
normal THE ASHGABAT TIMES

Täze ýyl: Jadyly pursatlaryň we täze umytlaryň baýramy

29.12.2025

Täze ýyl — dünýä halklarynyň aglabasy, aýratyn hem çagalar we ulular üçin iň garaşylýan we iň söýgüli baýramlaryň biridir. 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije diňe bir senenamanyň çalşygy bolman, eýsem hakyky täsinlikleriň we jadyly pursatlaryň amala aşýan wagty hökmünde kabul edilýär. Ynsanlar bu dabaraly gijäni uly sabyrsyzlyk, tolgunma we ertirki güne bolan sarsmaz ynam bilen garşylaýarlar. Baýramçylyk ruhy dekabr aýynyň ilkinji günlerinden başlap, şäherleriň köçelerine, dükanlaryň görkezme aýnalaryna we her bir öýüň törüne aralaşyp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şol pursatlarda hemme ýerde lowurdaýan çyralar we owadan bezelen arçalar Täze ýylyň golaýlap gelýändigini buşlaýar.

Baýramyň öňüsyrasyndaky ýakymly aladalar hemmeleri öz girdabyna çekýär. Adamlar dost-ýarlary we maşgala agzalary üçin iň gowy sowgatlary gözleýärler, baýramçylyk saçagynyň bolçulygy we tämizligi barada alada edýärler. Bu täsin atmosfera her bir ynsanyň kalbynda ertirki güne bolan süýji arzuwlary oýarýar. Emma bu ajaýyp baýramyň taryhy örän gadymy döwürlere baryp ýetýär. Täze ýyly bellemek däbi ilkinji gezek Mesopotamiýada ýüze çykyp, ol ýerde tebigatyň oýanmagy, ýagny ýazyň gelmegi mart aýynda bellenilipdir. Şol döwürlerde dabaralar bir hepdeden gowrak dowam edip, adamlar ähli işlerini goýup, diňe dabaralara we şadyýan maskaradlara gatnaşypdyrlar. Wagt geçmegi bilen bu asylly däbi grekler, müsürliler we rimliler hem kabul edipdirler.

Täze ýylyň bellenilýän senesi taryhyň dürli döwürlerinde üýtgäp durupdyr. Mysal üçin, köp ýurtlarda bu baýram hemişe 1-nji ýanwarda bellenilmändir. Gadymy döwürlerde gyşyň gutarmagy bilen gabat gelen bu sene, soňra dürli yrymlar we täze ýyl hasaplamalary sebäpli mart ýa-da sentýabr aýlaryna geçirilipdir. Diňe 1699-njy ýylda Patyşa Pýotr I-niň çykaran ýörite permany bilen, Ýewropa ýurtlarynyň tejribesine esaslanyp, Täze ýyly 1-nji ýanwarda bellemek däbi berkidilipdir. Şondan bäri bu sene tutuş dünýäde täze başlangyçlaryň, jebisligiň we agzybirligiň nyşany hökmünde dabaraly bellenilip gelýär. Şu günki gün Täze ýyl biziň durmuşymyza diňe bir baýram hökmünde däl, eýsem täze maksatlara sary gadam basmagyň we geçmişiň ýakymly ýatlamalaryny täzelemegiň mümkinçiligi hökmünde girmegidir.

Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

taze yyl bazar sowda THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze ýyl – maşgala baýramçylygy

ulag energet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze Kararnamalar – umumadamzat bähbidine

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop