Dark
Light
24.01.2026
taze yyl bazar sowda THE ASHGABAT TIMES

Täze ýyl – maşgala baýramçylygy

29.12.2025

Ýüreklere joşgun, kalplara ylham, söýgi eçilýän Täze ýyl bosagada. Ýene sanlyja günden dünýäniň tas ähli ýerinde bellenilýän, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem eý görüp garaşýan bu baýramçylygyny halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen garşylar. Hut şeýle günlerde ýakynlarymyza berilýän sowgatlaryň arzysy, täsiri başgaça.

Täze ýyl – täze başlangyçlar üçin gowy pursat. Täze ýyl üçin hemmämiz täze maksatlary öz öňümizde goýýarys. Täze gelen ýyl bilen umytlarymyz, arzuwlarymyz artýar. 31-nji dekabr agşamy sagat 24-i görkezip, Täze ýyly garşylanymyzda adamlaryň gözünde umyt yşyklary peýda bolýar. Eýsem, biz ýyl çalyşan wagty uklaman garaşmagy endik etmedikmi näme? Täze ýyl — maşgala baýramy. Ejeň, kakaň, doganlaryň, jigileriň bilen birkemsiz bezelen toý saçagynyň başynda oturyp, birek-birege gowulyklary arzuw etmek, hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagyny diňlemek, gijäni gündizlige öwürýän feýerwerkler… bu agşamy gaýtalanmajak ýatda galyjy pursatlara besleýär.

Tamamlanyp barýan ýylyň öz ornuny Täze ýyla berýän pursatlarynda ýürek arzuwyňy beýan etmegiň özi uly bagt. Bu bagty ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýaty duýup ýaşaýandyr. Çünki hemişe halky aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sahawatly syýasaty türkmen durmuşyny uly rowaçlyga besledi. Bu babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bütin dowamynda bolup geçen şanly wakalary buýsanç bilen dile getirmegiň özi hem örän ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri berkitmäge uly mümkinçilikleri döreden wakalar şöhratly taryhymyzda mynasyp orun aldy. Onda diňe bir öz halkymyzyň bähbidi däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadan hem parahat ýaşamagy, uly ösüşleriň gazanylmagy baradaky aladalaryň hem giň beýanyny tapýandygy bilen buýsanjymyzy artdyrýar.

Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Şeýle bolansoň, watandaşlarymyz saçaklaryny giňden ýazyp, bu baýramy bereketli naz-nygmatly garşylaýarlar. Goý, Täze ýyl rysgal-döwletli, düşümli ýyllaryň biri bolup, her öýe bagt nuruny saçsyn!

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

icc 2135 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Arkaçda» Täze ýyl (foto)

normal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze ýyl: Jadyly pursatlaryň we täze umytlaryň baýramy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop