Dark
Light
15.01.2026
nemes dili THE ASHGABAT TIMES

«The Ashgabat Times» okyjylary üçin täze mümkinçilik: nemes dili

23.12.2025

Hormatly okyjylar!

Sizi ashgabattimes.com saýtymyzyň ösüşindäki täze ädim bilen tanyşdyrýarys. Saýtymyzda dilleriň gerimi giňeldilip, ýakynda nemes dili dördünji dil hökmünde resmi taýdan girizildi.

Bu täzelik «The Ashgabat Times»-iň halkara derejesindäki elýeterliligini artdyrmaga, daşary ýurtly okyjylara maglumatlary has amatly görnüşde ýetirmäge hem-de Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaga gönükdirilendir.

Nemes diliniň goşulmagy bilen, Ýewropa ýurtlaryndaky okyjylarymyz üçin täzeliklerimize we analitik materiallarymyza elýeterlilik has-da artar. Şeýle-de bu ädim halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we maglumat alyş-çalşygyny giňeltmäge möhüm goşant bolar.

Sizden gelen goldaw we ynam üçin sagbolsun aýdýarys. «The Ashgabat Times» mundan beýläk hem okyjylaryna ýokary hilli, ygtybarly we köpdilli maglumatlary hödürlemegi dowam etdirer.

Hormat bilen, «AshgabatTimes.com» redaksiýasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2ufjyzexdhshkfsobu0ml13zcfecgd 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada

atajan tagan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen edebiýatynda uly ýitgi: meşhur ýazyjy Atajan Tagan aradan çykdy

Soňkylar Habar

GitTop