Dark
Light
10.01.2026
yapon tkm THE ASHGABAT TIMES

Tokiada ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyk boldy

19.12.2025

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa»  formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara hereketleriniň mehanizmini ýola goýmak bilen bagly teklipler beýan edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yapon as THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Imperator Naruhito bilen duşuşdy

1766120973486 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Täze ýyl söwdalary gyzyşýar

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop