Dark
Light
02.02.2026
alabay yunesko THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýy – adamzadyň gymmatly mirasy

20.12.2025

Döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasy Bitarap Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky ata-babalarymyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze gözýetimlerini açýar. Onuň nobatdaky üstünligi — türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýäde uly seslenme tapyp, belent buýsanja beslenýär. 

Gadymy hem inçe sungatyň — türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň adamzat gymmatlygy hökmünde abraýly sanawa goşulandygy baradaky hoş habar ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu çözgüt şu ýylyň 8 — 13-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň dowamynda kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjyny komitetiň 24 agzasy biragyzdan goldady. Türkmen halkynyň arassa tohum alabaýlary ösdürip ýetişdirmekde ençeme asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň halkara derejede ykrar edilmegi we belent sarpalanmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO häzirki dünýäde halklaryň tagallalaryny ygtybarly we tüýs ýürekden goldamagy üpjün etmek üçin diňe bir Hökümetleriň arasyndaky syýasy-ykdysady ylalaşyklaryň ýeterlik däldigini tekrarlaýar. Ygtybarly parahatçylygy diňe medeni dialogyň we özara düşünişmegiň, şeýle hem adamzadyň aň-bilim we ahlak taýdan raýdaşlygynyň esasynda gazanyp bolar. ÝUNESKO-nyň bu garaýyşlary Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň esasy wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan türkmen alabaý itlerine aýratyn sarpa goýýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, milli mirasymyzy gorap saklamak, dikeltmek we dünýä ýaýmak babatda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaç alsyn!

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2025 12 19t14 53 38 ed9802d9 0118 4f96 91fd ea5619e4a81c 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen wekilleri Ankarada ýalan maglumatlara garşy göreş boýunça geçirilýän foruma gatnaşýarlar

yaslar 25 new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar – döwletiň we dünýäniň geljegi

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop