Dark
Light
02.02.2026
alabay 333 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýy – halkymyzyň milli buýsanjy

17.12.2025

Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak babatda ýaýbaňlandyrylan işler oňyn netijelerini berýär. Ýakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Türkmen alabaý itlerini ylmy esasda düýpli öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, alabaýlaryň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti, türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli ylmy çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şeýle-de her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi hem möhüm ähmiýetlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz geljekde-de itçilik pudagyny ösdürmäge, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris» diýip belleýär. «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aws bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

saglyk derman THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn durmuş – bagtly ýaşaýyş

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop