Düýn, 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger duşuşygy açyp, Gahryman Arkadagymyz bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi. Ol 2008-nji ýylda bu toparyň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýtdy.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Sanly ulgam arkaly çykyş edenler işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny aýdyp, täze başlangyçlaryň hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere hem garaldy.
«THE ASHGABAT TIMES».