Dark
Light
09.01.2026
bitarap gyzyl kitap THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Bitaraplygy – jebislik we rowaçlyk taglymaty

18.12.2025

Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy, ynanyşmagy we hoşniýetliligi dünýä ýaýýan taglymat bolup, onuň mizemez ýörelgeleri öz gözbaşyny halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren we kämilleşdiren belent ynsanperwer ýörelgelerinden alýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby bilen içgin tanşanyňda göz ýetirmek bolýar.

Täze kitap giň okyjylar köpçüligini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy, medeni we ruhy kökleri, onuň özboluşly aýratynlyklary, häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ähmiýetli orny bilen içgin tanyşdyrýar. Täze eser «Bitaraplyk — türkmen paýhasynda» atly bölüm bilen açylyp, onda her bir halkyň özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygyna, bizi bezeýän häsiýetleriň halkymyzy beýgeldýän aýratynlyklardygyna, şol özboluşlylygyň Bitaraplyk filosofiýasynyň düýp binýadynda durandygyna aýratyn üns çekilýär.

Şeýle filosofiki pikirler kitabyň «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi», «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy», «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi», «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty», «XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» atly bölümlerinde dowam etdirilýär. Kitap üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary derejede neşir edilipdir.

Hormatly Prezidentimiziň bu eseri biziň her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Täze kitap umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmekde, ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgelerini ileri tutup, hoşniýetli diplomatik gurallary öňe sürýändigini jahana ýaýýar.

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6942a099a2d09516337077 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazagystan we Belarus ýadro we radiasiýa howpsuzlygy boýunça Ähtnama gol çekdi

disney open ai split 2025 far out magazine 1140x855 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Disney OpenAI bilen hyzmatdaşlyk edýär: $1 milliard maýa goýum we Sora üçin keşpleriň ygtyýarnamasy

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop