Dark
Light
12.01.2026
azerbaijan and turkmenistan join united nations e cmr protocol 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

22.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag hatyny iberdi.

«APA»-nyň habaryna görä, bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy maglumat berýär. Hususan-da, hatda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünliklere ýetendigi we ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanandygy bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gabalada geçirilen duşuşygy aýratyn mähirlilik bilen ýatlap, bu duşuşygyň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagyň barşynda bolandygy nygtalýar. Gahryman Arkadagymyz: «Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygymyzyň doganlyk halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de ösjekdigine we çuňlaşjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň uly şahsy goşandyňyz we ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge berýän çuňňur ünsüňiz üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin» diýip belleýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 4091 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Portugaliýanyň Merkezi Banky 2026-njy ýyl üçin Cristiano Ronaldo hormatyna 7 ýewrolyk ýadygärlik pul bukjasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär

dom 6740 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop