Dark
Light
11.01.2026
1jpg 8upku5y THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysy — gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy

12.12.2025

Türkmen halysy – türkmen milletiniň iň gymmatly we kämil mirasydyr. Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde halyçylygyň ýüregi hasaplanylýar we bu sungat biziň halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Halylarymyzdaky nepis we ajaýyp nagyşlar diňe bir göze gelüwli däl, eýsem, milletimiziň gözelligini, ýaşaýşa bolan söýgüsini we pelsepesini özünde jemleýän simwolik dildir.

Türkmen halysynyň gaýtalanmajak inçe sungaty diňe bir ak öýlerimizi we köşgi-eýwanlarymyzy bezeýän zat däl, eýsem şahyrlarymyzyň kalbynda hem ylham çeşmesi bolup joşýar. Halynyň waspy ýüreklerde orun alyp, mähir-muhabbetiň we zähmetiň goşa ganatyna öwrülýär.

Bu çeper eseri döredenler bolsa biziň zähmetsöýer, çeper elli zenanlarymyzdyr. Olar päk zähmetleri bilen gaýtalanmajak sungat eserini döredip, ony halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýlerimizde, ýigidiň söwer dosty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň esbaplarynda sarpalap, apalap bezäpdirler. Bu bolsa milli mirasymyza goýulýan sarpanyň we hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Irki döwürlerden bäri türkmen halky gözel tebigatyň – ýaşaýşyň zerur çeşmesi bolan gymmatly baýlykdygyna göz ýetiripdir. Olar mährini, söýgüsini, zähmetini siňdirip, tebigat baradaky pähim-paýhaslaryny miras galdyrypdyrlar.

Tebigatyň özboluşly görnüşi, halk üçin gözelligiň nusgasy bolupdyr we bu gözellik haly döredijiligine hem siňdirilipdir. Halylaryň nagyşlarynda tebigatda bar bolan dürli ösümlikler, janly-jandarlar we ähli gözellikler öz beýanyny tapyp gelýär. Her bir göl tebigatyň we durmuşyň bir bölegini aňladyp, özboluşly taryhy gürrüň berýär.

Türkmeniň tebigaty, mähriban topragy, ganatly bedew atlary, mukamly dutary, nepis milli şaý-sepleri we, elbetde, inçe halylary gözellikleriň tutuş bir toplumyny emele getirýär.

Goý, mundan beýläk hem dünýäni haýran edýän türkmen halysynyň owazy, milli gymmatlyklarymyzyň waspy Gündogardan Günbatara çenli ähli äleme ýaýrap, parahatçylyk we gözellik nyşany bolsun!

Aly ALYÝEW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20251211 103619 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň beýany

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watany söýmek – mertebe mekdebi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop