Dark
Light
26.12.2025
kiks THE ASHGABAT TIMES

Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular 

05.12.2025

Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84 ýurtdan 1600-den gowrak türgeni özünde jemlän ýaryşdan iki türgenimiz dünýäniň çempiony bolup dolanyp geldi.

Dünýä çempiony bolan ildeşlerimiziň uly hataryna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensöwdahyzmat» döwlet kärhanasynyň hünärmeni Pygy Sylabow bilen Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Atajan Atamyradow hem goşuldy. Paýtagtymyzdaky «Gülüstan» söwda merkezinde zähmet çekýän ýene bir başarjaň türgenimiz Toýlymyrat Ýegeleýew bolsa dünýä çempionatynda bürünç medala eýe bolmagy başardy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

annual review meeting 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler

6c7a8639 resized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy

Soňkylar Habar

GitTop