Dark
Light
09.01.2026
eswatini bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

14.12.2025

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara parahatçylyk we ynamyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eswatininiň Premýer-ministri Rassel Dlamininiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Eswatininiň Premýer-ministri türkmen tarapyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, halkara forumyň ynanyşmak medeniýetini ösdürmek we häzirki zaman meseleleriniň çözgütlerini işläp düzmek üçin möhüm platforma hökmünde ähmiýetini belledi.

eswatini w THE ASHGABAT TIMES

Syýasy gepleşikleriň we ýokary derejeli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eswatininiň Patyşasynyň arasyndaky duşuşyklar boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gepleşikleri ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Gürrüňdeşler halkara guramalarynyň, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alabay f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO girizildi

nar diplomatia THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop