nar diplomatia scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi

15.12.2025

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edip, möhüm halkara başlangyjy beýan etdi. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumda yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklaryny özüniň Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň mysaly Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli böleklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek we şunuň bilen baglylykda ylmy-barlag we bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär» diýdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
eswatini bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Fizika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi

Soňkylar Habar

Fizika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi

15.12.2025
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen
GitTop