Dark
Light
09.01.2026
ekwat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.12.2025

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hakynda gürrüň berildi. Duşuşygyň ahyrynda diplomat Bitarap Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk tdlu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösen infrastrukturasy

1812 001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

Soňkylar Habar

GitTop