Dark
Light
25.01.2026
emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda iş kesilen 231 raýatyň günäsi geçildi

06.12.2025

Bu barada şu gün – 6-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

koneurgenc THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Horezm» sözüniň manysy

embblem THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentine döwlet sylagy gowşuryldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop