Dark
Light
10.01.2026
422342445466 scaled THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY JARNAMASYNA GOŞULMAGY

10.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligindäki ornuny berkidendigi onuň adam hukuklaryny goramak ulgamynda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm çözgütler arkaly aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet syýasatynda adam hukuklary we azatlyklary ilatyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň we abadançylygynyň möhüm binýadydyr. Türkmenistan halkara standartlaryna laýyklykda jemgyýetçilik ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. 1948-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Adam hukuklary barada Jarnamasy häzirki döwrüň iň möhüm halkara hukuk sütünleriniň biri bolup durýar. Jarnamanyň talaplaryny milli derejede ornaşdyrmak üçin Türkmenistanda giň gerimli kanunçylyk özgertmeleri amala aşyrylýar. Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn giňelýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ÝHHG, Ýewropa Bileleşiginiň institutlary hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň netijesinde adam hukuklary boýunça milli mümkinçilikler giňeýär. Halkara ülňülerine laýyklykda milli Maksatnamalaryň tassyklanylmagy, jemgyýetiň dürli gatlaklaryny içine alýan okuwlar, maslahatlar we wagyz-nesihat çäreleri Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmekde açyk we jogapkärli döwletdigini görkezýär.
Umuman, döwrebap hukuk ulgamynyň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we döwlet syýasatynyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmünde adam hukuklarynyň öňe sürülmegi — Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we ösüş ýolunda ynamly ädimler bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çemen NOWRUZOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

balkan dabara THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Balkanabat şäherinde aýdym-sazly dabara geçirildi

bmg halkara THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop