Dark
Light
25.01.2026
bilim 22 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy we dolandyryş syýasaty

07.12.2025

Türkmenistanyň bilim ulgamy Garaşsyz döwletiň ösüşinde möhüm orny eýeleýän esasy jemgyýetçilik institutlarynyň biridir. Bilim edaralarynyň täzeçil esasda kämilleşdirilmegi, döwrebap kadalaşdyryş bazasynyň döredilmegi we hil taýdan ýokary taýýarlyga eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ulgamyň netijeli işlemegini üpjün etmekde onuň gönüden-göni gurluşy hem-de dolandyryş syýasaty aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň birnäçe basgançaklary bar. Mekdebe çenli bilim ― mekdebe çenli terbiýeçilik we okuw edaralary çagalaryň irki ösüşini üpjün edýär. Döwlete degişli we hususy çagalar baglary arkaly terbiýeçilik, durmuş endikleri we başlangyç taýýarlyk berilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatlaryň gerimi giňelip, täze döwrebap baglar açylýar.

Başlangyç we umumy orta bilim ― Türkmenistanda umumy orta bilim 12 ýyllyk tapgyrlaýyn gurluşa eýedir. Häzirki wagtda orta mekdepler döwrebap kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly bilim resurslary giňden ulanylýar. Başlangyç we orta hünär bilimi ― bu ugurda ýöriteleşen okuw merkezleri, başlangyç hünär mekdepleri we orta hünär okuw jaýlary hereket edýär. Olar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna niýetlenen hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinýär. Ýokary bilim ― ýokary okuw jaýlary döwletimiziň ykdysady we ylmy ösüşine laýyklykda giň gerimde hünärmen taýýarlamagy amala aşyrýar.

Ylmy-barlagy we hünär kämilleşdirmesi ― ylmy-barlag institutlarynyň we okuw merkezleriniň utgaşmasy ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň ösdürilmegine mümkinçilik döredýär. Mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen merkezler hereket edýär. Şunda bilim ulgamynyň dolandyryş syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň bilim syýasaty Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri milli ýörelgeleri we döwrebap tejribeleri utgaşdyrmaga gönükdirildi. Esasy ugurlaryň hatarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmen taýýarlamak, sanly ulgama geçmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly meseleler durýar.

Bilim ulgamynyň döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Ministrlik okuw serişdelerini tassyklaýar, ugurlar boýunça standartlary taýýarlaýar, bilim edaralarynyň işi boýunça gözegçiligi ýola goýýar, bilim ulgamyndaky özgertmeleri utgaşdyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bilim ulgamynda sanlylaşdyrma giň gerimde alnyp barylýar. Sanly okuw platformalary, elektron kitaplar, tanyşdyryş resurslary we onlaýn okuw mümkinçilikleri peýdalanmaga berilýär. Mekdepler kompýuter otaglary, interaktiw doskalar we internet bilen üpjün edilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw hem-de ylmy edaralary halkara institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem uly üns berýär. Bu gatnaşyk bilim hiliniň dünýä derejesinde kämilleşmegine, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alşygyna mümkinçilik döredýär.

Netijede, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy döwrebap talaplara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet tarapyndan alnyp barylýan dolandyryş syýasaty netijesinde bilim edaralarynda ösüş, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmen taýýarlamagyň hiliniň ýokarlanmagy ýaly möhüm ugurlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň dünýä derejesindäki bäsdeşlige ukybynyň ýokarlanmagyna we döwlet ösüşiniň dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Selbi ÖWLÝAKULIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pr kabmin2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çap edildi

medalbas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop