Dark
Light
04.01.2026
qyfae59i0myqwh5xecvzkqvorkdqwr 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň DIM-de “Parahatçylyk we sport” halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

10.12.2025

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Parahatçylyk we sport” halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Jenap Buzu Halkara bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň ugurly gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen “Parahatçylyk we sport” guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini hem bellenildi.

Sport arkaly parahatçylyk, ynanyşmak gymmatlyklaryny öňe sürmek we halkara gatnaşyklaryny berkitmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Söhbetdeşler adybir gurama tarapyndan teklip edilen “Parahatçylyk we sport” atly yklymlaýyn forumy 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

t1ezotznlmeo7dwxlhuua7vya4rsss 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

yaslar — yurdun geljegi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watana wepalylygyň belent nusgasy

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop