Dark
Light
19.12.2025
wap6xdmaxikmfrlul40pp7dcauyfcn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň DIM-nde «FIT International» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

18.12.2025

2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda «FIT International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin däp bolan çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara forumynyň ähmiýetini we netijeliligini aýratyn belledi.

Taraplar «FIT International» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellemek bilen, onuň Türkmenistanyň möhüm we ähmiýetli wakalary mynasybetli geçirilen tematiki çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşandygyny nygtadylar.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berildi.

Mundan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
tm yapon THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

taze yyl caga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

18.12.2025
Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy

Çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

18.12.2025
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglygyny dikeldýän körpelere ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Köp
GitTop