Dark
Light
29.12.2025
medalbas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

07.12.2025

2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

medalbs THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän möhüm halkara çärelerine üns çekdi. Hususan-da, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

medalbb THE ASHGABAT TIMES

Soňra ministr «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine döwlet sylaglary we ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýokary döwlet sylaglaryna Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny ýokarlandyrmaga şahsy goşant goşan türkmen diplomatlary mynasyp boldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 22 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy we dolandyryş syýasaty

rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Soňkylar Habar

«Arkadag» topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

29.12.2025
«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurduň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdi. Final

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop