Dark
Light
24.01.2026
oguz han reyting THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä reýtingine girdi

06.12.2025

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça neşir edilen uniwersitetleriň «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi.

Türkmen ýokary okuw mekdebi geçen ýylky bilen deňeşdirilende, eýeleýän ornuny ep-esli gowulandyryp, mümkin bolan bolan 10 000 balldan rekord derejesindäki 7675 ball toplap, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň arasynda abraýly reýting sanawynda 306-njy orny eýeledi. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitet «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň sanawynda şu ýyl ýerleşen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-siniň hatarynda öňdebaryjy boldy.

Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylda reýtinge dünýäniň 105 ýurdundan uniwersitetleriň jemi 1745-si gatnaşdy. Reýting agentliginiň halkara bilermenleri alty esasy ugurlar: infrastruktura we binalar, energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, galyndylary dolandyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa taýdan arassa ulag, bilim we ylmy barlaglar diýen ugurlar boýunça ýokary okuw mekdeplere baha berýärler hem-de ballary gowşurýarlar.

Ýokary mekdepler reýtingde toplanan ballaryň umumy möçberinden ugur alnyp düzülýär hem-de üç ugur: altyn, kümüş we bürünç ugurlar boýunça paýlanylýar. Iň ýokary hasaplanylýan altyn derejäni 7500-den gowrak ballary toplan ýokary okuw mekdeplere gazanmak başardýar. «UI GreenMetric» reýtinginde altyn dereje – munuň özi durnukly ösüş, ekologiýa taýdan arassa infrastruktura we bilim babatda ajaýyp tagallalaryny görkezýän uniwersitet üçin ykrarnamanyň ýokary derejesi.

Reýtingiň alty ugurlarynyň hersi boýunça ýokary netijeleri görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «altyn derejeli» uniwersitetleriň sanawyna girdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1peteac8jvf6aglev4t17649171411705 l THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özbegistan bilen Germaniýa ilkinji bilelikdäki söwda öýüni açdy.

bitarap news25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda 11 – 13-nji dekabr günleri iş güni däl diýip yglan edildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop