Dark
Light
19.12.2025
yapon THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen duşuşdy

19.12.2025

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, 19-njy dekabrda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. «Palace Hotel Tokyo» myhmanhanasynda guralan duşuşyga Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň başynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşygy guramak başlangyjyny öňe sürendikleri üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýapon kompaniýalary bilen ozal ýola goýlan we özüni oňat tarapdan görkezen hyzmatdaşlygyň görnüşlerini yzygiderli çuňlaşdyrmagy dowam etdirýändigini, şol bir wagtda-da täze, has iri maksatlara ýetmäge ymtylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary agzalan ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Aýratyn-da, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalar bilen suw üpjünçiligi, suwy arassalamak, galyndylary dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa – Ýaponiýa: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

yapon as THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Imperator Naruhito bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Türkmenistanda Täze ýyl söwdalary gyzyşýar

19.12.2025
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, ak bazarlarda, dükanlarda guralan göçme söwda nokatlarynda gyzgalaňly söwdalaryň gerimi barha
GitTop