Dark
Light
29.12.2025
embblem THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentine döwlet sylagy gowşuryldy

06.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy.

Şu gün – 6-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy – «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda iş kesilen 231 raýatyň günäsi geçildi

pr kabmin2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çap edildi

Soňkylar Habar

«Arkadag» topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

29.12.2025
«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurduň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdi. Final

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop