Dark
Light
07.01.2026
2ufjyzexdhshkfsobu0ml13zcfecgd 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada

23.12.2025

2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.

Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi.

RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

251222 jackie0cahn olympics gk 323fd3 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jackie Chan Pompeýde Olimpiýa Alawyny Göterip Geçdi

nemes dili THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«The Ashgabat Times» okyjylary üçin täze mümkinçilik: nemes dili

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop