Dark
Light
09.01.2026
tm yapon THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

18.12.2025

Düýn, 17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýaponiýa şu gezekki sapary hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. 

…Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parlak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş aýdymçylar ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy

wap6xdmaxikmfrlul40pp7dcauyfcn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň DIM-nde «FIT International» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop