Düýn, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.

Dürli yşyklar bilen bezelen arçanyň ýanyna şowhunly çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran köp sanly çagalar we ulular — paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, folklor-tans toparlary, baýramçylyk lybasyndaky sirk, teatr artistleri, ertekileriň gahrymanlary ýygnandylar.

Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagy arkaly owadan arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursatda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Çagalar şadyýan aýdymlary bilen arçalaryň daşyndan aýlandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
«THE ASHGABAT TIMES».