unb THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

16.12.2025

2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy.

«UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni öňe sürmek» atly mowzuga bagyşlanan forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli hökümetleriň wekillerini, öňdebaryjy ýaşlary we zenanlary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we media düzümlariň wekillerini bir ýere jemledi.

Çäre ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, dialogy ösdürmek we medeniýetara gymmatlyklary öňe sürmek boýunça pikirleri, garaýyşlary we tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň gowşamagy we polýarlaşma şertlerinde BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtamak bilen, onuň işiniň Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny hödürledi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we araçylyk medeniýetini öňe sürmek, ynsanperwer we medeniýetara dialogy ösdürmek, parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygyň sebit we ýaşlar platformalaryny döretmek, şeýle hem halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar.

Forumyň jemleri boýunça Bileleşigiň geljekki ösüş tapgyryny kesgitleýän Er-Riýad Jarnamasy kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gaz energetika THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hazarly meýdançasynda täze gaz akymy alyndy

santoma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Soňkylar Habar

Hazarly meýdançasynda täze gaz akymy alyndy

16.12.2025
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň garamagyndaky «Böwrüdeşik» gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda gazylan täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy. Meýdançada «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan
GitTop