Dark
Light
08.01.2026
t7tbicewwut7leq77dhxncftar0usn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisine gatnaşýar

10.12.2025

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktory Khaled Ahmed El-Enany, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrleri çykyş etdiler.

Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan Konwensiýanyň çägindäki dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza döwletler tarapyndan hödürlenen jemi 66 sany hödürnama seredilmegine garaşylýar. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.

Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnama seredilmegi meýilleşdirilýär.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisi şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitara parahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

t1ezotznlmeo7dwxlhuua7vya4rsss 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

06.01.2026
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size täze ýylda berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Mohammed VI,Marokkonyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size
GitTop