Dark
Light
26.12.2025
2025 12 24t12 19 26 0a7d24f0 1698 4bce b21a e6463af37843 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekilleri Duşanbede ESGCA taslamasynyň maslahatyna gatnaşdylar

24.12.2025

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde, Täjik milli uniwersitetiniň (Tajik National University) binýadynda «Merkezi Aziýanyň bilim we iş bilen üpjünçilik pudaklarynda ekologiýa meselelerini, sosial zerurlyklary we degişli dolandyryşy utgaşdyrmak» (ESGCA) atly halkara taslamanyň çäklerinde nobatdaky maslahat geçirildi. Bu möhüm çärä ýurdumyza wekilçilik edip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň tejribeli mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.

«Nebit-gaz» gazetiniň berýän habaryna görä, sebitiň ylym-bilim wekillelerini bir ýere jemlän bu maslahatda durnukly ösüşiň häzirki zaman meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bilim ulgamynda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak, ýaş nesliň daşky gurşawy goramak baradaky düşünjelerini düýpli kämilleşdirmek hem-de innowasion başlangyçlary maliýe taýdan goldamagyň mehanizmleri boýunça ýörite okuw maslahatlary geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde guralan «tegelek stol» duşuşyklarynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty we bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet ähmiýetli çäreler barada giňişleýin durlup geçildi. Türkmen wekilleri öz çykyşlarynda suw serişdelerini tygşytly ulanmagyň ylmy esaslary, alternatiw energiýa çeşmelerini özleşdirmegiň geljegi we döwrebap gidrologik tehnologiýalaryň önümçilikdäki ähmiýeti barada möhüm maglumatlary paýlaşdylar.

Şeýle-de, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin möhüm bolan nebiti we gazy çuňňur gaýtadan işlemek, şol bir wagtyň özünde ekologiýa kadalaryny saklap, galyndysyz önümçilik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça täze ylmy çemeleşmeler maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Gatnaşyjylar bu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2025 10 19t14 35 23 5ae7ddab 7021 40aa aa12 f36a79f9c088 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Аhal» AFK-2 Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygynda ýeňildi

gismat gazalow THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk 2025-nji ýylda has-da pugtalandy

Soňkylar Habar

GitTop